Beýik Britaniýanyň Migrasiýa boýunça maslahat beriş komiteti (MAC) daşary ýurt raýatlarynyň wagtlaýyn iş wizasyny alyp biljek 82 sany orta derejeli hünäri öz içine alýan sanawy çap etdi. Bu sanaw ýurduň migrasiýa ulgamyny özgertmegiň ilkinji tapgyrydyr.
Çap edilen maglumatlara laýyklykda, bu sanaw dürli ugurlary öz içine alýar: inžener-tehniki hünärmenlerden hem-de terjimeçilerden başlap, kebşirleýjilere, agaç ussalaryna we beýleki birnäçe hünärlere çenli. Daşary ýurtly işçiler Beýik Britaniýada görkezilen hünärler boýunça wagtlaýyn zähmet çekip bilerler.
Wagtlaýyn wiza 3 — 5 ýyl aralygynda berler. Şeýle wizanyň eýeleri möhletiň tamamlanmagy bilen, hemişelik ýaşamak hukugyny almazlar, emma degişli şertleri berjaý eden ýagdaýlarynda «Skilled Worker» (derejeli işçi) görnüşindäki wiza geçip bilerler. Munuň üçin iňlis diline eýelik edişiňi B1-den B2 derejesine ýetirmeli bolar.
Wagtlaýyn wiza üçin ýüz tutujylar arzany tabşyryş tölegini, immigrasiýa saglyk hyzmatlary boýunça bellenen pajy we immigrasion endikleri üçin ýörite serişdeleri tölemeli bolarlar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrliginiň bu sanawdaky hünärler üçin iň pes zähmet haklarynyň möçberini täzeden gözden geçirmegine garaşylýar.
Bu sanawda aşakda görkezilen hünärleriň bardygyny bellemek gerek:
Inženerçilik, elektrik we gurluşyk ulgamlary boýunça tehnikler
Kebşirleýjiler, turba geçirijiler, metal işläp taýýarlaýjylar
Gurluşyk boýunça ussaçylyk ugurlary
Maglumat seljerijileri, taslama kömekçileri
Marketing hünärmenleri we satuw menejerleri
Ýazyjylar, terjimeçiler, suratkeşler
Tejribehana we lukmançylyk tehnikleri
IT goldaw hünärmenleri we maglumat binýadynyň adminstratorlary
Ätiýaçlandyryş hünärmenleri, maliýe maslahatçylary
Gämi we awiasiýa hyzmat ediş tehnikleri
Içki bezeg we moda dizaýnerleri
Wagtylaýyn hünärleriň soňky sanawyny doly düzmek boýunça ikinji tapgyryny 2026-njy ýylyň iýul aýynda taýýarlamak meýilleşdirilýär. Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrligi bu ulgamyň netijeliligini yzygiderli gözegçilikde saklar we daşary ýurtly işçi güýjüne bolan islegi gysga möhletli çözgütler arkaly dolandyrmagy dowam eder.