Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy goragçynyň wezipesine boş iş ornuny yglan etdi

MilliInfo

20 Oktýabr, 2025

Beýik Britabiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy howpsuzlyk boýunça wekiliň boş iş ornuny açdy. Täze hünärmeniň esasy wezipesi diplomatiki gullugyň binasynyň, işgärler düzüminiň hem-de myhmanlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolar.

Habarda bellenilşi ýaly, dalaşgäriň ygtybarly, gorag hem-de howpsuzlyk meseleleri boýunça professional hem-de ünsli bolmagy talap edilýär.

Arzalardyr ýüztutmalar 2-nji noýabra çenli kabul edilýär.

Ýüztutmalar ilçuhananyň @ukinturkmenistan Instagram sahypasyndaky baglanyşyk boýunça kabul edilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo