Londonyň Gatwik aeroportunda awtoulaglary duralga goýjak robotlar peýda bolar. Täze hyzmat eýýäm 2026-njy ýylyň awgustynda işläp başlar. Bu barada «Daily Mail» neşiri habar berýär. Bu amatly hyzmat diňe Günorta terminalyň ýolagçylary üçin elýeterli bolar.
Aeroportyň ýolbaşçylary bu täzeligi hakyky öňegidişlik diýip atlandyrdylar. Olaryň aýtmagyna görä, taslama syýahatçylary uçuşyň öňüsyrasyndaky dartgynlylykdan (stresden) hemişelik halas eder. Amalyň guralyşy örän ýönekeý: sürüji ulagy ýörite goralýan boksa girýär, ýüklerini alýar we arkaýyn bellige alyş (registrasiýa) nokadyna gidýär. Mundan beýläk açarlary işgärlere bermek ýa-da ägirt uly duralgada boş ýer gözlemek gerek bolmaz.
Awtoulaglary süýşürmek işi bilen «Stanley Robotics» kompaniýasynyň ak-gara reňkli robotlary meşgullanar, olar ulagy seresaplylyk bilen galdyryp, ýapyk duralga elterler. Tehnologiýa kompaniýasy bu ulgamyň diňe bir ýolagçylaryň işini ýeňilleşdirmän, eýsem, duralga ýerleriniň ýetişmezçiligi meselesini hem çözjekdigini belleýär. Emma täze hyzmatyň iki şerti bar: ýeri azyndan bäş gün önünden sargyt etmeli (bronlamaly). Hyzmatyň takyk bahasyny administrasiýa häzirlikçe mälim etmedi.
Ýolagçy yzyna dolanyp gelende, awtoulag ýörite gowşuryş nokadyna getiriler. Terminaldan bu nokada çenli birnäçe minutda pyýada ýa-da tölegsiz awtobusda baryp bolar. Akylly duralga — Gatwik aeroportunyň islendik syýahaty has oňaýly etmäge gönükdirilen tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir.
«Stanley Robotics» robotlary Fransiýada öndürilýär. Mundan ozal, taslamanyň awtorlary Lionyň we Parižiň aeroportlarynda şuna meňzeş hyzmatlary üstünlikli ýola goýdular, şeýle hem bu ulgamy Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde synagdan geçirdiler. Beýik Britaniýa üçin bolsa beýle akylly duralganyň işe girizilmegi ilkinji tejribe bolar.
Mundan ozal Beýik Britaniýanyň dolulygyna elektron wizalara (eVisa) geçendigi habar berlipdi. Indi täze ýüz tutýanlaryň pasportlaryna kagyz görnüşindäki bellikler (winýetkalar) goýulmaýar. Ähli immigrasiýa maglumatlary sanly profilde saklanýar we gatnadyjylar tarapyndan uçuşyň öňüsyrasynda awtomatiki usulda barlanýar.
