Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleri 2026–2027-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp haky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we dalaşgärlere dürli ugurlar boýunça bir ýyllyk magistr derejesini Birleşen Korollykda almak üçin mümkinçilik döredýär. Ol mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek bilen bagly okuwlary öz içine almaýar. Talyp haky maksatnamasy ýol çykdajylaryny, ýaşaýyş we gündelik sarp ediş harajatlary boýunça zerur serişdeleri hem-de okuwa degişli ähli çykdajylary öz üstüne alýar.
Şowly dalaşgärler hünär ýolunyň (karýerasynyň) başynda ýa-da ortasynda bolmaly we iňlis dilini ýokary derejede bilmelidirler.
Gyzyklanýan taraplaryň ählisi «www.chevening.org/apply» internet sahypasynda şahsy loginini we parolyny döretmek arkaly elektron anketany doldurmalydyrlar. Anketany internet arkaly dogry doldurmak boýunça giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan (https://www.gov.uk/government/world/turkmenistan) ýa-da «www.facebook.com/ukinturkmenistan» salgysyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Instagram: @ukinturkmenistan
Goşmaça sowallaryňyz bolsa aşakdaky elektron salgy boýunça Beýik Britaniýanyň ilçisihanasy bilen habarlaşyp bilersiňiz:
📧 ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk
Anketalar diňe internet arkaly doldurylmaly we 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabryna çenli tabşyrylmalydyr.