«Bilelik Hub» döredijilik merkezi ýakyn günlerde başlanjak hepdeligiň çäreler meýilnamasyny hödürledi. Maksatnamada — startap bäsleşigi, iňlis dilinde gepleşmek, stol oýunlary, syýahatçylyk baradaky duşuşyklar, «TEDx» formatyndaky çykyşlar, karaoke we şenbe film agşamy bar.
Baý maksatnama 19-njy sentýabrdaky «Startup World Cup» bilen başlanar — bu sagat 09:00-dan 18:00-a çenli geçiriljek sebit derejesindäki piç-bäsleşigidir (taslamalary tanyşdyrmak bäsleşigi). Gatnaşyjylar öz startap taslamalaryny hödürlemek we halkara başlangyjyň sebit tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Şol gün «Toastmastersiň» akkreditirlenen agzasynyň gatnaşmagynda iňlis dili gepleşik kluby bolan «SpeakLab» hem geçiriler. Guramaçylar duşuşyga dürli ýaşdaky we iňlis diliniň islendik derejesindäki gatnaşyjylaryň goşulyp biljekdigini belleýärler. Esasy şert — amatly gurşawda gepleşik dilini kämilleşdirmäge bolan höwes bolmagynda galýar.
Şenbe gününiň maksatnamasyny stol oýunlary agşamy jemlär. Sagat 18:00-da gatnaşyjylar «Mafiýa», «Bunker», «Uno» we beýleki oýunlardan halanyny saýlap, agşamyň formatyny özbaşdak kesgitläp bilerler.
20-nji sentýabrda sagat 16:00-da «Bilelik Hub» degişli operatorlaryň hyzmaty bolmazdan, özbaşdak syýahat etmäge bagyşlanan çaý başyndaky duşuşygy — «Solo Travel Tea Time» çäresini geçirer. Duşuşygyň myhmany Maral Dezio bolar.
Şeýle hem, 20-nji sentýabrda sagat 15:00-da «TEDx Talk» formatynda duşuşyk guralyp, onuň çäklerinde biznes, kitaplar we hukuk temalary ara alnyp maslahatlaşylar.
Maksatnama indiki hepdede hem dowam eder. 25-nji sentýabrda sagat 19:00-da myhmanlara karaoke agşamy hödürlense, 26-njy sentýabrda 19:00-da bolsa «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde däbe öwrülen şenbe film agşamy garaşýar.
Şunlukda, «Bilelik Hub» tarapyndan taýýarlanan hepdelik maksatnama bilim, hünär we dynç alyş ugurlaryny utgaşdyryp, pikir alyşmak, aragatnaşyk we täze tanyşlyklar üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän ajaýyp meýdança öwrüler.
Salgysy: Seýdi köçesi 70/1, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat, «C» blok
Tel: +993 63 476289
Resmi saýt: bilelik.com.tm
E-poçta: info@bilelik.com.tm
TikTok: https://www.tiktok.com/@bilelikhub?_r=1&_t=ZS-973srbvYcgi
Instagram: https://www.instagram.com/bilelik_hub?igsh=MXRlc3RmZnNuZXRucg==
Telegram: t.me/bilelik_hub
WhatsApp: https://wa.me/99363476289
