«Bilelik Hub» täze taslamalara we klublara kabul edýär: marketingden daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine taýýarlyga çenli

MilliInfo

24 Iyul, 2026

«Bilelik Hub» täze taslamalara we klublara kabul edýär: marketingden daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine taýýarlyga çenli

Islegli hünäri öwrenmek, daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek, döredijilik ukybyňy açmak ýa-da haýsydyr bir ýetginjege geljekki kärini saýlamaga kömek etmek isleýärsiňizmi?

«Bilelik Hub» döredijilik merkezi çagalar, ýetginjekler we uly ýaşlylar üçin täze taslamalara hem-de awtorlyk maksatnamalaryna kabul edişligi yglan edýär. Her bir klub diňe bir bilim almak üçin däl, eýsem, maksatlaryňyza tarap ynamly hereket etmäge ýardam berjek amaly endikleri ösdürmek üçin döredilendir.

«Seniň üstünlige uzaýan ýoluň» taslamasy

Işewürlik äleminde karýera gurmagy arzuw edýärsiňizmi? Bu taslama gatnaşyjylary marketingiň esaslary we 4P strategiýasy bilen tanyşdyrar, isleg bildirilýän hünäri noldan öwrenmäge we üstünlikli başlangyç üçin amaly bilimleri özleşdirmäge kömek eder. Okuwlar onlaýn we oflaýn tertiplerinde alnyp barylýar.

«Meniň saýlawym» taslamasy

Özüňize, hakykatdan ýüzünde hem laýyk gelýän käri nähili saýlamaly? 11–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen bu taslama ukyplaryňyzy açmaga, güýçli taraplaryňyzy kesgitlemäge, döwrebap hünärler bilen tanyşmaga we amaly sapaklar hem-de tejribelikler arkaly özüňizi şol kärlerde synap görmäge kömek eder.

TOEFL we daşary ýurt okuwyna taýýarlyk

Daşary ýurt uniwersitetlerinde okamak isleýänler üçin iňlis dili, matematika, IT we akademiki ýazuwy öz içine alýan intensiw taýýarlyk okuwy açyldy. Bu toplumlaýyn maksatnama siziň okuwa girmäge ynamly taýýarlyk görmegiňize ýardam eder.

«Speaking Club», «Reading Club» we iňlis dilinde «Debat» kluby

Ýalňyşmakdan gorkman, aňsatlyk bilen iňlisçe gürläp başlamak isleýärsiňizmi? Bu maksatnamalara gatnaşyjylara janly gürleşmek, gepleşik tejribesi, kitaplaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy, täze tanyşlyklar we dil päsgelçiligini ýeňmäge kömek edýän dostlukly gurşaw garaşýar.

«Rus dili» kluby

Rus dilinde owadan, dogry we erkin gürlemek isleýänler üçin niýetlenilýär. Ýürekgysgynç sapaklaryň ornuna — gürleşmek tejribesi, sözleriň aýdylşynyň üstünde üstünde işlemek, söz baýlygyny ösdürmek we her bir gepleşikde ynamlylyk.

«Mençe, türkmençe!» türkmen dili kluby

Türkmen dilinde erkin gürlemek isleýänler üçin kämil gepleşmegi öwrenmek üçin döwrebap klub. Gatnaşyjylara çekişmeler, intellektual oýunlar, tematiki duşuşyklar, tanyşdyrylyşlar we kino görkezilişleri garaşýar. Bular söz baýlygyňyzy aňsatlyk bilen giňeltmäge we gepleýşiňizi kämilleşdirmäge kömek eder.

Marketing boýunça tejribe okuwy

Okuwy häzirki wagtda işleýän tejribeli hünärmen-tejribeçi alyp barýar. Ol gatnaşyjylary marketingiň döwrebap gurallary bilen tanyşdyrar we professional karýerasyndaky ilkinji ädimleri ätmäge kömek eder.

«Bilelik Math Camp»

Çagalar we ýetginjekler üçin iňlis dilinde matematiki intensiw okuwy. Maksatnama halkara olimpiadalaryna taýýarlygy we döwrebap dünýä standartlary boýunça okatmagy öz içine alýar. Iň gowy uçurymlara işe ýerleşmekde ýardam berler.

«Özüňi görkezmek meýdançasy» döredijilik kluby

Aktýorlyk ussatlygy, sahna dili, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we özüňe bolan ynamy ösdürmek — bular çagalar, ýetginjekler we maşgalalar üçin döredijilik klubyny birleşdirýär. Bu ýerde her kim öz ukybyny açyp biler. Hünärmenler 16–18 ýaşly ýetginjeklere öz gyzyklanmalaryny seljermäge, okuwyň geljegi uly bolan ugruny kesgitlemäge we geljekki kärini saýlamaga kömek ederler.

Hünäre ugrukdyryş kluby

Ähli sapaklary häzirki wagtda öz ugurlary boýunça işleýän hünärmenler alyp barýarlar, olar gatnaşyjylar bilen döwrebap bilimlerini, tejribelerini we hakyky durmuşdan mysallary paýlaşarlar.

Sapaklar «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde geçirilýär.

Toparlara kabul edişlik eýýäm açyk. Sizi ruhlandyrýan ugry saýlaň we täze bilimlere, özüňize bolan ynama hem-de geljekki üstünliklere tarap ilkinji ädimi ädiň!

Salgysy: Seýdi köçesi, 70/1, «Ashgabat Mall» söwda-dynç alyş merkezi, C blok.

Tel: +99363476289

Resmi saýt: bilelik.com.tm

Poçta: info@bilelik.com.tm

LinkedIn:  https://www.linkedin.com/company/bilelik-hub/

TikTok:  https://www.tiktok.com/@bilelikhub?_r=1&_t=ZS-973srbvYcgi

Instagram: https://www.instagram.com/bilelik_hub?igsh=MXRlc3RmZnNuZXRucg==

Telegram:  t.me/bilelik_hub

Whatsapp: https://wa.me/99363476289

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info