Bilelikdäki tejribe: Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň stol tennisi klubunyň ýaşlary Aşgabatda türgenleşýärler

MilliInfo

19 Oktýabr, 2025

Bilelikdäki tejribe: Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň stol tennisi klubunyň ýaşlary Aşgabatda türgenleşýärler

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, stol tennisini ösdürmek ugrunda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu hakykat düýn — 18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Ural magdan-metallurgiýa kompaniýasynyň stol tennisi boýunça klubunyň uly tälimçisi Ilýa Židkowyň ýolbaşçylygyndaky ýetginjek türgenleriň türkmen tennisçileri bilen bilelikde okuw-türgenleşik işlerini geçmek maksady bilen, Watanymyza gelmeklerinde hem aýdyň şöhlelendi. Toparyň düzüminde 1 tälimçiden hem-de wekilden başga-da, ýetginjek türgenleriň 6-sy bolup, olar 18—25-nji oktýabra aralygynda Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň ýaşlary bilen bilelikde türgenleşerler.

Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen hem-de rus ýaşlarynyň tejribelerini paýlaşmaklarynda hem-de öňde boljak ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmeklerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info