Düýn — 20-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi. Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi dürli ugurlarda bilelikde hereketleri netijeli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. Türkmenistanyň «KamAZ», «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, «KER-Holding», Kazan dikuçar zawody ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanowyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran sapary hem tassyklaýar. Saparyň dowamynda ol hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyklary geçirdi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn esasda özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegi maksat edinýändiginiň güwäsi boldy. Kazan şäheri bolsa ýokary derejedäki wekilçilikli sammitiň geçirilen ýeri boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berdi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi 21-nji noýabrda hem öz işini dowam eder.