Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 5-6-njy sentýabrda Minskide geçirilen VIII «Ylym festiwaly — 2026» atly giň gerimli çärä gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde uniwersitetiň biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri O.Soltanowa hem-de molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň müdiri D.Porrykow bar.
Belarus Respublikasynyň iň möhüm ylmy-populýar çäreleriniň biri bolan giň gerimli forumyň guramaçysy hökmünde, adatça bolşy ýaly, Belarus Milli ylymlar akademiýasy çykyş etdi. Öz innowasiýalaryny tanyşdyran Belarusyň öňdebaryjy ylmy-barlag institutlary we barlag merkezleri bilen bir hatarda, türkmen hünärmenleri uniwersitetiň biotehnologiýalar ulgamyndaky öňdebaryjy taslamalaryny hödürlediler. Bu taslamalar bilermenleriň we sergä gelen myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri Belarusyň öňdebaryjy alymlary we professorlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Taraplar hünär tejribelerini alyşdylar hem-de genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, azyk we oba hojalyk biotehnologiýasy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
