Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy

MilliInfo

4 Awgust, 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine nah ýüplük, pagta lintini, jinsi önümleriniň giň görnüşleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 318 müň manatlyk polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo