Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi

MilliInfo

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Bişkekde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan tegelek stol maslahatyny gurady. Çärä Bişkekde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygy nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan döwlet saparlaryna aýratyn üns berildi.

Çäräniň ahyrynda ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo