Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde alyş göreşi boýunça geçirilen halkara Gran-pri ýaryşynda milli ýygyndymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Abraýly ýaryşda ezber türgenlerimiziň üçüsiniň hormat münberiniň birinji basgançagyna çykandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmen pälwanlary altyn medallary alyş göreşiniň erkin usuly boýunça gazandylar. Has takygy, Bişkek şäherine 7 döwletden ýygnanan 160 pälwanyň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Muhammetarslan Geldiýewe, 90 kilograma çenli derejesinde Atageldi Tejendurdyýewe, 100 kilograma çenli derejesinde bolsa Pälwan Kakuwowa taý tapylmady.
Nusgawy usulda ýaryşan türgenlerimiziň ikisi hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykyp, kümüş medallara eýe boldy. Olar 90 kilograma çenli agram derejesiniň wekili Selim Rejebow bilen 100 kilograma çenli agyrlygy bolan pälwanlaryň arasynda ýaryşan Atageldi Tejendurdyýewdir. Erkin usulda 70 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Yhlas Begmyradow bolsa bürünç medala eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, halkara Gran-pri ýaryşynda ýeňiş gazanan türgenlerimiziň ählisi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarydyr.