19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Kanun Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinde dolulygyna hödürlendi.
Bu Konstitusion kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär. 12 maddadan ybarat bolan kanun gol çekilen pursatyndan — 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan güýje girdi.
Ýeri gelende bellesek, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak çygryndaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny we ynsanperwerlik ýörelgelerini kesgitleýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna hem-de şu Konstitusion kanuna esaslanýar.

