«Biz — dünýä»: türkmen ýetginjegi Florensiýada geçen halkara surat bäsleşiginde üstünlik gazandy

MilliInfo

6 sagat öň

«Biz — dünýä»: türkmen ýetginjegi Florensiýada geçen halkara surat bäsleşiginde üstünlik gazandy

Italiýanyň Florensiýa şäherinden hoş habar gelip gowuşdy. Habarda türkmen ýetginjeginiň halkara surat bäsleşiginde gazanan ajaýyp üstünligi buşlanylýar.

«Biz — dünýä» ady bilen geçen çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaky halkara surat bäsleșigi dünýäniň iň zehinli ýaşlarynyň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Şeýlelikde, Florensiýa ýaş suratkeşleriň özara tejribe alyşmagy, sungatyň ajaýyp görnüşi boýunça özlerini görkezmegi üçin özboluşly merkeze öwrüldi.

Ýaryşda türkmen ýetginjegi — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýlar Aksakowa uly üstünlik gazandy. Ol «Biz — dünýä» atly halkara surat bäsleşiginde 5-9 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda «Master of movement» ugry boýunça abraýly sylaga eýe boldy. Munuň özi zehinli gyzyň janlylygy, tizligi, dinamikany we hereketi ussatlarça şöhlelendirmegi başardygyny aňladýar.  

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Florensiýanyň taryhy künjeginde geçirilen bäsleşik sungatyň üsti bilen dünýäniň çagalaryny birleşdirmekde möhüm ähmiýete boldy. Bu ýerde türkmen gyzynyň eýe bolan üstünligi bolsa Watanymyzda ýaş zehinleriň döredijili bilen dünýä çykmagyna döredilýän mümkinçilikleriň beýanydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info