Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Biz dürlidiris, emma deňdiris» atly inklýuziw festiwaly bu gezek 15-nji noýabrda 14:00-dan 16:30-a çenli paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde ýaýbaňlandyrylar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt toparynyň ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirýän ähmiýetli çäresi fiziki mümkinçiligi çäkli ynsanlary täze üstünliklere höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bu ýerde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň pawilýony hem bolup, diwarlykda «Akyl synagy», «Üns oýny», «Ýumurtga gutusy bilen towşanjyklaryň ýaryşy», «Duýgurlyk oýunlary», «Bulgurjyklary hasaplap düzmek» ýaly täsirli bäsleşikler ýaýbaňlandyrylar. Şunda tebigat üçin zyýansyz gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanan önümlerden peýdalanylar.
Festiwalyň myhmanlaryna täsirli maksatnama hödürlenip, bu ýerde sport çäreleri, döredijilik zolagy hem-de güýmenje bölümi bolar.

