Kazanda Halk bitewüliginiň gününe bagyşlanan «Biziň öýümiz — Tatarystan» atly medeni festiwalyň çäginde ajaýyp gala-konsert guraldy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň gutlag sözleri bilen çykyş etmegi halkara derejesindäki çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Musa Jalil adyndaky opera we balet teatrynyň giň zaly dürli medeniýetleriň wekillerini hem-de beýleki myhmanlary jemledi. Gala-konserte 500-de gowrak artist gatnaşdy.
Bu ýerde türkmen ýaşlarynyň wekilçilik edýän «Ylham» aýdym-saz toparynyň millilige ýugrulan çykyşy has-da gyzgyn garşylandy. Türkmen ýigitleriniň hem gyzlarynyň ajaýyp hereketleri milli owazyň has öwüşginli ýaňlanmagyna täsirini ýetirdi. Türkmen owazy ajaýyp konsertiň iň gyzykly bölegine öwrüldi.
Aýdym-saz hem tans sungatynyň ugurlaryny özünde jemleýän festiwalyň çäginde geçirilen gala-konsertde türkmen ussatlarynyň çykyş etmegi Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň beýany bolup dabaralandy.

