Dostlukly ýurtdan işewürler toplumy: Hytaýyň 20-den gowrak kompaniýasy Türkmenistanda maýa goýmaga taýýar

MilliInfo

Ýurdumyzda geçýän halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde «Huahe International» kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de «Silk Road Economic Alliance» guramasynyň başlygy Lýu Çuanu  hem çykyş etdi. Şeýlelikde, ol 20-den gowrak iri kärhananyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan hytaý wekiliýetiniň türkmen bazaryna strategiki gyzyklanmasyny tassyklady.

Forumda görkezilen kompaniýalar Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak üçin möhüm pudaklary öz içine alýar:

  • Oba hojalygy we tehnologiýalar: Akylly oba hojalyk enjamlary («Bo Şi Žan»), tohumçylyk («Hun Taý») we weterinar dermanlary («Elsen»).

  • Energetika we himiýa: Dökün öndürijileri («Sin Lýan Sin»), kükürt we karbamid eksporty («Sy Lu Ton Da»), şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar («Szýu Szýu»).

  • Infrastruktura we IT: Hemra nawigasiýasy («Hua Lun Ton»), ýyladyş we inženerçilik ulgamlarynyň taslamalaşdyrylmagy («Sin Şen Hen Da»), medeni-dynç alyş gurluşygy («Din Lun»).

Jenap Lýu Çuanu öz çykyşynda  ýakyn geljek üçin üç esasy ugra aýratyn üns berdi:

  • «Huahe International» serişdelerini peýdalanyp, Hytaýda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak

  • Oba hojalyk tehnikasy, himiýa önümleri we azyk harytlary boýunça dowamly söwda çeşmelerini döretmek

  • Ylalaşyklary hakyky şertnamalara öwürmek üçin özara işewür saparlary we bilermen gezelençlerini guramak

«Hytaý kärhanalarynyň mümkinçilikleri Türkmenistanyň senagat ösüşiniň zerurlyklaryna doly laýyk gelýär. Biz platformamyzy serhetara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly köprä öwürmegi maksat edinýäris» — diýip, öz çykyşynda Lýu Çuanu belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info