Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň çakylygy boýunça 2026-njy ýylyň 9-16-njy maýy aralygynda Beýik Britaniýa guraljak işewürlik saparyna gatnaşjak wekiliýetiň düzüminiň jemlenilýändigini habar berýär.
Bu sapar türkmen işewürliginiň halkara derejesindäki ornuny giňeltmekde möhüm ädim bolar. Saparyň esasy maksady britaniýaly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmakdan we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.
Önüm eksporty we tehnologik hyzmatdaşlyk, innowasiýalary ornaşdyrmak we tejribe alyşmak, täze taslama çözgütlerini hem-de maýa goýumlary gözlemek, ynsanperwer we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde çykyş edýär.
Londona guraljak sapar gatnaşyjylara Ýewropa bazaryna çykmak we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin üýtgeşik mümkinçilikleri açar.
Gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary gysga wagtyň içinde degişli arzany tabşyrmalydyrlar. Wekiller toparyndaky orunlaryň sany çäklidir.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-88-49, 39-88-95, 39-89-42