Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady.
O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi. Gazna ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu düzümiň alyp barýan işiniň gerimini giňeltmek, hususan-da, bilim ulgamynda işlemek mümkinçiligine seretmek meýilleşdirilýär. Şunda Hytaýyň mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek ulgamynyň işine gyzyklanma bildirildi.
Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
***
Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.
HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary ulgamda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň maksat edinilýändigi nygtaldy.
Gazna alyp barýan işinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýar, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny, çaga lukmançylygy ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýar. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy barada aýdyp, şu ýyl ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýubileýiniň bellenilýändigini, bu maksatnamanyň 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edendigini aýtdy. Maksatnamanyň çäklerinde häzirki güne çenli döwrebap lukmançylyk edaralarynyň 100-den gowragy, şol sanda hassahanalar, klinikalar, lukmançylyk merkezleri guruldy.
Hytaý tarapy Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bu ulgamdaky toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň okgunly häsiýetini belledi.
O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.
***
Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hanym Li Bin Oguljahan Atabaýewany Sun Sinlin adyndaky gaznanyň adyndan mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda bilim we çagalaryň saglygyny goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa hanym Sun Sinliniň şahsyýet hökmünde ýerine ýetiren işleriniň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, parahatçylygy saklamagyň türkmen hem-de hytaý halklaryna mahsus ýörelgelerdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Oguljahan Atabaýewa şu ýylyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigini belledi. Bu maslahata hanym Şen Beiliniň ýolbaşçylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Hanym Li Bin bu halkara forumyň ähmiýetini nygtap, hytaý tarapyna türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň öz işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýändigini we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň durmuş ugurly taslamalara seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Hanym Li Bin ýaş nesliň saglygyny goramaga, olara ýokary hilli inklýuziw bilim almak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar arkaly iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň jemgyýetde abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
***
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Pekiniň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde iki döwletiň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Iki halkyň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň özara maksat edinilmegi munuň üçin esas bolup durýar.
O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Oguljahan Atabaýewa türkmen tarapynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtap, şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy.
Hanym Şen Ýueýue hytaý tarapynyň gol çekilen Ähtnamany ýurtlarymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalaryň bähbidine iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
***
Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewanyň Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşygy boldy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý taryhynyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, çagalaryň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu düzümiň esasy wezipesidigini belledi. Ol türkmen wekiliýetiniň Hytaýa şu gezekki saparynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini aýdyp, Hytaýyň söwdada we ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk, tehnologiýalar ulgamlarynda hem öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, çaganyň saglygyny goramak, sagaldyş-dikeldiş ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.
Şanhaý şäheriniň häkimi gaznanyň alyp barýan işiniň geriminiň, şeýle hem onuň ynsanperwer ýörelgelere, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bu ugurdaky dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, zenanlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň HHR-e sapary saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.