Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy «hemayat.gov.tm» resmi web-saýtyny açdy. Onlaýn mümkinçiligiň işe girizilmegi gaznanyň işini ösdürmegiň nobatdaky tapgyry boldy we amala aşyrylýan ynsanperwer başlangyçlar baradaky maglumatlaryň açyklygyny hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gaznanyň saýty döwrebap maglumat platformasy bolup, onda guramanyň wezipeleri we ileri tutýan ugurlary, amala aşyrylýan maksatnamalar, haýyr-sahawat çäreleri hem-de gazanylan netijeler baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir. Ulanyjylar täzelikler, edilen işler baradaky hasabatlar we möhüm başlangyçlar bilen tanyşyp bilerler. Okyjylara amatly bolmagy üçin saýt üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär.
Gaznanyň internet portaly jemgyýetçilik, hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň netijeli guralyna öwrülmäge, şeýle hem çagalygy goramak ulgamyndaky haýyr-sahawat işleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etmäge niýetlenendir.