Ýalpyldy, berklik we dereje: nädip ýokary hilli kümüş şaý-sepleri saýlamaly we ýalňyşmaly däl

MilliInfo

1 sagat öň

Ýalpyldy, berklik we dereje: nädip ýokary hilli kümüş şaý-sepleri saýlamaly we ýalňyşmaly däl

Kümüş şaý-sepler häzirki wagtda ýokary moda dünýäsinde hakyky meşhurlyga eýe bolýar. Şu günki günde kümüş diňe bir beýleki gymmatbaha metallaryň elýeterli görnüşi bolman, eýsem, nepisligiň, näzikligiň we kämil stilli bolmagyň aýratyn nyşanydyr. Ýöne daşky ýalpyldynyň aňyrsynda önümiň yzygiderli dakylan ýagdaýynda özüni nähili alyp barjakdygyny we ýyllar geçse-de ilkibaşdaky görnüşini saklap galjakdygyny kesgitleýän möhüm aýratynlyklar ýatyr.

«TUZ» zergärçilik dükanynda önümleriň ýasalyş hiline we müşderileriň maglumatlylygyna aýratyn üns berilýär, bu bolsa zenanlaryň dogry we oýlanyşykly saýlamagyna ýardam berýär.

Şaý-sep bilen tanyşlyk onuň belliginden (probasyndan) başlanýar. Hemmelere tanyş bolan 925 belligi önümiň 92,5 %-iniň sap kümüşden ybaratdygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, belligiň diňe metalyň düzümini kepillendirýändigini, ýöne tutuş önümiň gurluş hilini aňlatmaýandygyny ýatda saklamak möhümdir. Önümi gaýtadan işlemegiň takyklygy, berkitmeleriň mäkämligi we goraýjy gatlagy çaýmagyň tehnologiýasy örän uly ähmiýete eýedir.

Şaý-sepleriň ýokarky örtügine aýratyn üns bermelidir. Kümüşe aýna ýaly ýalpyldy bermek we onuň garalmagynyň öňüni almak üçin rodiý çaýylýar. Onuň owadan altyn öwüşginini bermek üçin bolsa altyn çaýylmagy (pozolota) ulanylýar. Bu gatlagyň durnuklylygy gös-göni onuň mikronlarda ölçenýän galyňlygyna baglydyr. Galyňlygy 5 mikrondan başlaýan örtük möhüm artykmaçlyk hasaplanýar, ýöne onuň uzak ömürliligi çaýylyş hiline hem baglydyr. «TUZ» dükanynda ýokarky örtügiň köp gatlakly işlenişi ulanylýar, şunuň netijesinde önümler kämil derejedäki tekiz, könelmä durnukly ýüze we hiç hili kemçiliksiz birsydyrgyn reňke eýe bolýar.

Ajaýyp şaý-sepiň gurluşy hem ähmiýeti boýunça onuň dizaýnyndan pes däldir. Dükanlaryň tekjelerinde içi doly we içi gowak (boş) görnüşindäki önümler daşyndan birmeňzeş görnüp biler, ýöne olar agramy, berkligi we uzak ömürliligi boýunça düýpli tapawutlanýar. Içi gowak gurluş gaty basylanda aňsatlyk bilen ýenjilýär we görnüşini üýtgedýär, ony öňki ýagdaýyna getirmek bolsa, köplenç mümkin bolmaýar. Olardan tapawutlylykda, içi doly şaý-sepler elde ýakymly duýulýar, formasyny ajaýyp saklaýar we gündelik dakynmak üçin örän amatlydyr. «TUZ» dükanynyň haryt görnüşlerinde hut içi doly önümlere aýratyn üns berilýär.

Dakynmakdaky amatlylyk we oňaýlylyk zergärçilik aýratynlyklary bilen kesgitlenýär. Gulplar we ilgençekler (karabinler) bökdençsiz işlemeli, ygtybarly berkidilmeli we olarda boşluklary bolmaly däldir, gymmatbaha daşlar bolsa öz öýjüklerinde kämil derejede göni we gymyldamaýan ýagdaýda oturmalydyr.

Nepis şaý-sepleri söýýänleriň arasynda muassanit daşy gitdigiçe uly meşhurlyga eýe bolýar — bu hatda göwherden (brilliantdan) hem has güýçli ýalpyldysy we yşyk oýny bilen tanalýan gymmatbaha daşdyr. «TUZ» dükanynyň müşderileri daşlaryň aýratynlyklaryna ýerinde göz ýetirip bilerler: şaý-sepi saýlap alýan wagtyňyz hünärmenler ýörite zergärçilik ulaldyjy aýnasy (lupasy) we barlag enjamlary (testerler) arkaly daşlary barlap görkezerler.

Ýokary hilli şaý-sep satyn alnanda maglumatlaryň açyklygyna üns bermek möhümdir. «TUZ» dükanynda her bir önüme metalyň, daşlaryň aýratynlyklary we hyzmat ediş şertleri giňişleýin beýan edilen şahadatnama hem-de şahsy kartoçka goşulýar.

Hatda iň ygtybarly kümüş şaý-sepler hem aýawly çemeleşmäni talap edýär. Rodiniň ýa-da altyn çaýylyşyň ýalpyldysyny saklap galmak üçin önümleriň hojalyk himiýasy, atyrlar we kosmetika bilen galtaşmagyndan gaça duruň, howza girmezden öň olary aýryň hem-de aýratyn gury ýerde saklaň. Satyn alanyňyzda jikme-jikliklere ünsli bolmak we olara dogry ideg etmek söýgüli kümüş şaý-sepleriňiziň gözelligi bilen sizi her gün begendirmegine mümkinçilik berer.

TUZ — hemmelere elýeterli kaşaňlyk!

Özboluşly sowgat bilen özüňizi we ýakynlaryňyzy begendiriň!

Salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, B-1.45.a

Telefon: +993 (63) 47-68-86

Instagram: @tuz.silver

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info