2025-nji ýylyň 25-nji awgusty — 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMGÖM-iň, ÝUNFPA-nyň hem-de ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygiderli sessiýalary geçirildi.
Sessiýalaryň netijeleri boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalarynyň resminamalary tassyklandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Şunlukda, resminamalar geljek bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň wekillikleri bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça birnäçe taslamalary we çäreleri durmuşa geçirmegi nazarlaýar.