BMG-niň Awazadaky wekilçilikli forumy tamamlandy

MilliInfo

8-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar bu forumlaryň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ýaşlaryň, parlamentarileriň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dialog üçin netijeli meýdança bolandygyny, maýa goýumlardyr innowasiýalar üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döredendigini nygtadylar.

Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär.

Mejlisiň gün tertibiniň degişli bendine laýyklykda, maslahatyň hasabaty tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar hasabatyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy netijelerini hem-de maslahatlaryny beýan edýändigini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini tassykladylar.

Mejlisiň jemleýji bölegi maslahatyň ýapylyşyna bagyşlandy. Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler. Foruma gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen resminamalaryň mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirip, kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistan ähmiýetli forumy kabul ediji tarap hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo