Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralary ýerli hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylygy, bitewüligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürýän marafon bäsleşigi guraýar. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sahypasynda habar berdi.
Marafon Änew, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde geçirilip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden bolan gatnaşyjylary birleşdirer!
Häzirki wagtda «Parahatçylyga we durnukly ösüşe tarap batly gadam» atly marafon bäsleşigine ýazylyşyk dowam edýär.
Bäsleşik 25-nji oktýabrda 11:00-da başlanýar.

