Zähmet ýoluňyzy Birleşen Milletler Guramasy bilen baglamak üçin täze mümkinçilik

MilliInfo

16 sagat öň

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýaş hünärmenler maksatnamasy (YPP) Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň guramanyň Sekretariatynda — onuň parahatçylyk, adam hukuklary, durnukly ösüş we beýleki ugurlarda işleýän esasy düzüminde karýerasyna başlamagy üçin ajaýyp mümkinçiligini hödürleýär.

Geliň, bu wezipe üçin arza bermegiň talaplary hakynda hem durup geçeliň:

  • Siz Türkmenistanyň raýaty bolmaly;

  • Ýaşyňyz 32-den geçmedik bolmaly (2025-nji ýylyň 31-nji dekabry ýagdaýyna);

  • Synag ugruna degişli okuw derejäňiz pesinden bakalawr ýa-da şonuň bilen deň basgançakda bolmaly.

  • Iňlis ýa-da fransuz dilinde erkin gürlemegi başarmaly.

Arzalar 2025-nji ýylyň 14-nji dekabryna çenli Nýu-Ýork wagty bilen sagat 23:59-a çenli kabul edilýär. Mümkinçiligi elden bermäň!

Munuň üçin careers.un.org web salgysyndan peýdalanyp bilersiňiz!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo