Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Hökümeti ýer titremelere garşy taýýarlygy kämilleşdirmek we seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen amala aşyran bilelikdäki taslamasyny tamamlady. Bu barada BMGÖM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu ugurdaky jemleýji maslahat 2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, döwlet we ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşdy.
Bu taslama esasy ugurlaryň üçüsi boýunça durmuşa geçirildi. Aşgabat şäherinde ilkinji gezek «ASTERHAZ» we «ASTERRISK» sanly platformalarynyň kömegi bilen seýsmiki howplaryň toplumlaýyn seljermesi geçirildi. Alymlar tektoniki ýarylmalary öwrenip, olaryň ýerleşýän zolaklaryny kesgitlediler hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň we bilim edaralarynyň ýagdaýyna baha berdiler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty şu taslamanyň çäginde bahasy 650 müň dollardan geçýän häzirki zaman enjamlar hem-de programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem 100-den gowrak hünärmen ýörite taýýarlanyş okuwlaryna gatnaşdy, degişli okuw materiallary taýýarlandy we seýsmologiýa bilen baglanyşykly terminleriň türkmen, rus we iňlis dillerindäki düşündirişli sözlügi neşir edildi.
Galyberse-de, Türkmenistanda seýsmiki maglumatlary toplamak we seljermek boýunça ýörite merkez döredildi. Seýsmiki howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunyň taslamasy işlenip düzüldi hem-de döwlet edaralary üçin usulyýet görkezmeleri taýýarlanyldy.
Geljekde Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy we Awaza ýaly şäherlerde seýsmiki töwekgelçilikleriň seljerilişiniň giňeldilmegi, şeýle-de bu ugurdaky bilimleriň okuw programmalaryna ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ministrlikleri, ylmy institutlar bilen birlikde halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Özbegistan, Täjigistan seýsmologiýa merkezleri hem-de Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) gatnaşdy.
2018-nji ýylda başlanan taslama tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara jogap bermek boýunça milli ulgamyň döredilmegine gönükdirilen möhüm ädimleriň biridir.