Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olarda belent ynsanperwer häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy ýurdumyzyň «akylly» şäherinde giňden dabaralandyryldy. Şanly senäniň şanyna geçirilen baýramçylyk dabarasynyň çäginde halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy olaryň howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň durmuşyna mynasyp gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlarynyň döwlet derejesindäki ykrarnamasyna öwrüldi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna «Arkadag» medaly gowşuryldy.
— Şu şanly günde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany esasynda «Arkadag» medaly bilen sylaglanylandygyma begenjimiň çägi ýok. Bu ýokary sylagy diňe meniň zähmetime däl, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň ähli işgärleriniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde alyp baran netijeli işlerine berlen ýokary bahadan nyşan hökmünde kabul edýärin. Biz mundan beýläk-de Türkmenistanyň, Gahryman Arkadagyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň bähbidine amala aşyrýan asylly işlerine goldaw bermäge taýýardyrys — diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.
Ol Türkmenistanda çagalaryň geljegi, sagdyn durmuşy, ýokary hilli bilim almagy we bagtyýar ösüp-ulalmagy ugrundaky tagallalara ýokary baha berdi.
— Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäginde «Arkadag» medaly bilen sylaglanylmagym meniň üçin garaşylmadyk waka boldy. Türkmenistanda ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşant goşan raýatlara berilýän bu abraýly sylagyň gowşurylmagy tutuş ýurt boýunça toparymyz üçin uly hormatdyr. Biz mundan beýläk-de ähli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde çagalaryň röwşen geljeginiň, hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginiň bähbidine netijeli işleri alyp barmaga taýýardyrys.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Türkmenistanyň Prezidentini, Gahryman Arkadagy, ähli türkmen halkyny sahawat paýlaýan gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllyk ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn — BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi.