«BMW iX3»: täze modeliň aýratynlyklary onuň tanyşdyrylyşyndan az wagt öň yglan edildi

MilliInfo

5 Sentýabr, 2025

Şu gün — 5-nji sentýabrda «BMW» kompaniýasy täze «iX3» neslini resmi taýdan tanyşdyrýar. Gyzyklanmalaryň kändigine garamazdan, görkeziliş dabarasyndan has öň onuň suratlaryny syzdyrmak hiç kime başartmady. Awtoulagyň aýratynlyklary dolulygyna syr bolmagynda galdy.

Dizaýn 1960-njy ýyllaryň «BMW 1500» modeline ýakynlygy bilen tapawutlanýar we şol döwrüň nusgawy aýratynlyklaryny öz içine alýar: dik ýerleşdirilen iki gatly radiator gözenekleri, «perişdeleriň gözleri» diýlip atlandyrylýan gündizki yşyklandyryjylar we Hofmeister bölekleri. Yşyklar we merkezi radiator bölekleri bir bitewi gurluşy emele getirýär, awtomobiliň öňki bölegi köp sanly üçölçegli burçlar bilen bezelen.

Täze «BMW iX3-iň» gabarasynyň ölçegleri 4780 x 1895 x 1635 mm, tigir binýady 2895 mm. Ol orta ölçegdäki krossower bolar. Hytaý bazary üçin bu modeliň uzaldylan nusgasynyň boljakdygy heniz anyk aýdylmady.

Awtomobil gizlin gapy tutawaçlary, uly tigirleri, giň we agyr arka sütünleri hem-de gorizontal görnüşdäki yzky yşyklary bilen tapawutlanýar. Ol panorama nusgasynda taslamalaşdyrylyp, «iDrive» ekran ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji awtoulag bolup, «Xiaomi YU7-niň» bolan «Sky Screen» görnüşine meňzeýär.

Ön tarapynda ösen taslamalaşdyryş tehnologiýasy arkaly işlejek, takmynan, 40 dýuým ölçegindäki 4K çözgütli, 100 000:1 şöhlelenmeli we 4-den 9 metre çenli proýeksiýa diapazonly ekran döredilýär.

«BMW iX3» giňişligi we rahatlygy boýunça aýratyn oýlanyşykly çemeleşmä daýanýar, onuň «akylly» kabinasy awtoulag sürüjisine kömekçi intellektual ulgamy bilen üpjün edilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo