Täze dizaýny, düýpli özgerdilen interýeri bilen haýran galdyrýan model birbada bäş sany hereketlendiriji görnüşini aldy. Indi ulag diňe benzin, dizel ýa-da gibrid nusgalarynda hödürlenmez. Modeliň taryhynda ilkinji doly elektrik görnüş bolan «BMW iX5» hem peýda bolar.
Krossower goşa «X» harpy görnüşindäki täze dizaýnly dar diod çyralar bilen enjamlaşdyryldy. Awtomobil adaty gapy tutawaçlaryny aýyrdy: indi olaryň ýerine ulagyň sütünlerine gurnalan ykjam metal elementler, ýagny «ganatjyklar» ulanylýar. Gapylary düwme, pult ýa-da ýörite ykjam goşundy arkaly açyp bolýar.
Öňki model bilen deňeşdireniňde, täze «X5», takmynan 5,5 sm uzaldy. Awtomobiliň agramy hem ep-esli artdy: onuň adaty nusgasy, takmynan 2365 kg, gibrid görnüşi — 2715 kg, doly elektrik modeli bolsa tas 2900 kilograma ýetýär.
Awtomobiliň salony doly täzelendi, tehnologiýalary düýpli kämilleşdirildi.
Täze X5 döwrebaplaşdyrylan «CLAR» platformasynda guruldy. Hereketlendirijiler hatary örän köpdürli: benzin, dizel, gibrid, doly elektrik we wodorodly nusgalar elýeterli bolar.
Täze «BMW X5-iň» satuwlary 2026-njy ýylyň ahyrynda başlanar.
