«BMW» kompaniýasy «X5» ulagynyň täze nesliniň benzinli, dizelli, gibrid, elektrik we ilkinji gezek wodorod bilen işleýän görnüşini çykarmaga taýýarlanýar. Wodorodly modeliň seriýaly görnüşiniň ilkinji görkezilişini 2028-nji ýylda guramak meýilleşdirilýär. Bu «BMW» markasynyň wodorodly hereket edýän ilkinji seriýaly awtoulagy bolar. Ol diňe wodorod bilen işleýän awtoulaglar üçin infrastrukturasy bolan ýurtlarda satuwa çykarylar.
Taslamanyň binýadyny «Toyota» bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanan ýangyç elementleriniň üçünji nesli düzýär. Täze ulgam öňki nusgasy bilen deňeşdirilende, 25% kiçi ölçegli bolup, has ýokary kuwwaty we CLAR platformasyna has laýyk integrasiýany üpjün edýär. Täze «BMW X5-iň» has uzak ýol geçip bilýändigini, energiýa taýdan netijeliliginiň ýokarlandyrylandygyny we dinamiki häsiýetleriniň gowulaşandygyny öndürjiler belleýärler. Mysal üçin, «iX5 Hydrogen» modeli 396 at güýjüne eýedir.
Modeliň esasy enjamlary dürli zawodlardaky önümçilikleriň netijesinde üpjün ediler: ýangyç elementleri Awstriýanyň Ştaýr şäherindäki zawodynda, elektronikasy bolsa Germaniýanyň «Landshut» kärhanasynda öndüriler. Ilkinji prototipleriň, nusgalyklaryň jemlenmesi bolsa BMW-niň «Dingolfing» zawodynda amala aşyrylar.
Täze güýç ulgamy bilen birlikde, «X5» modeli içki dizaýn taýdan hem düýpli täzeliklere eýe bolar. Awtoulagda adaty paneliň ýerine panoramaly proeksiýa displeýi hem-de 17,9 dýuýmlyk uly sensorly ekran ýerleşdiriler.
Täze «BMW X5» modeliniň düzüminde benzinli, dizelli, gibrid we doly elektrik görnüşleri hem müşderilere hödürlener.

