Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-däki tutluşygynyň wagty süýşürildi

MilliInfo
Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-däki tutluşygynyň wagty süýşürildi

MMA garyşyk başa-baş söweş sungatlarynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow bilen britaniýaly Simeon Pauelliň arasyndaky tutluşyk meýilleşdirilen wagtyndan giç bolar. Türgenler 31-nji iýulyň deregine, 7-nji awgustda «PFL New York» ýaryşynyň çäginde oktagona çykarlar.

Duşuşygyň wagtynyň üýtgedilendigi barada D.Ýagşymyradow öz sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, senäniň üýtgemegi garşydaşy Pauelliň taýýarlygyna gözegçilik eden komissiýada ýüze çykan tehniki meseleler bilen baglydyr. Türkmen türgeni ähli meseleleriň çözüljekdigine we tutluşygyň täze bellenen möhletinde geçiriljekdigine ynam bildirýändigini beýan etdi.

PFL-iň ýarym agyr agram derejesiniň reýtinginde Ýagşymyradow ikinji, Pauell bolsa bäşinji orunda durýar.

Döwletjan Ýagşymyradow özüniň mundan öňki tutluşygyny 2026-njy ýylyň aprel aýynda «PFL Belfast» ýaryşynda geçirip, eminleriň biragyzdan beren karary bilen Taýson Pedrony ýeňipdi. Türkmen türgeniniň professional karýerasynda 26 ýeňiş, 8 ýeňiliş we 1 deňlik bar.

Simeon Pauelliň garyşyk söweş sungatyndaky görkezijisi bolsa 12 ýeňişden we 2 ýeňilişden ybaratdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info