Türkmen boksçylary Tailandda iki bürünç medal gazandylar

MilliInfo

2 sagat öň

sportportal

Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndysynyň türgenleri Watanymyza şatlykly habarlar bilen dolanyp geldiler. 8–15-nji mart aralygynda Tailand Patyşalygynyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen abraýly «World Boxing Futures Cup 2026» ýaryşynda türkmen türgenleri iki bürünç medala mynasyp boldular.

«U19» ýaş derejesindäki boksçularyň arasynda geçirilen abraýly ýaryşa 78 ýurtdan 450-den gowrak türgen gatnaşdy. Şeýle-de bellemeli zat, bu ýaryş 2026-njy ýylda Dakarda geçiriljek Ýaşlaryň Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyryň hökmany bölegi boldy.

Türkmen türgenleriniň ikisi-de 19 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda çykyş edip, bürünç medallary gazandylar:

  • Ysmaýyl Orazmyradow (75 kg çenli);

  • Söýunaly Öwezgeldiýew (90 kg ).

Bangkokdaky netijeler türkmen boksçularynyň halkara arenasynda bäsdeşlige ukyplydygyny we uly synaglara doly taýýardygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info