Kiçijik artistleriň uly premýerasy: Puşkin teatrynda üýtgeşik spektakl

MilliInfo

25 Iýun, 2026

Kiçijik artistleriň uly premýerasy: Puşkin teatrynda üýtgeşik spektakl

Şu ýyl özüniň 100 ýyllyk ýubileýini belleýän A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda üýtgeşik premýera boldy. Çagalaryň inklýuziw teatr topary tomaşaçylara «Zümerret şäheri» spektaklyny hödürledi.

Goýujy režissýor we toparyň ýolbaşçysy Tatýana Öwezmyradowa saýlanyp alynjak eseri ýaş artistleriň özlerine ynandy we olara birnäçe pýesany hödürledi.

«Çagalaryň hut şu ertekini saýlamagy meni örän begendirdi. Sebäbi onuň gahrymanlary Gudwinden nähidir bir maddy baýlyklary däl-de, akyl, mylakatly ýürek we batyrgaýlyk ýaly, hakykatdan-da, wajyp bolan zatlary soraýarlar» — diýip, Tatýana Gennadýewna gürrüň berdi.

Spektakly sahnalaşdyrmaga 35 sany ýaş aktyor, ýagny tutuş inklýuziw topar gatnaşdy. 20-den gowrak çaga köpçülikleýin sahnada oýnap, erteki gurşawyny döretmäge ýardam berdi.

Doly zalyň öňünde professional sahnada çykyş eden çagalar obrazlaryna ynamly girmegi başardylar we özlerini hakyky artistler ýaly duýdular. Tomaşaçylar bolsa olary tüýs ýürekden we joşgunly el çarpyşmalar bilen mähirli goldadylar.

Premýerany görüp ýetişmedikler üçin 29-njy iýunda «Zümerret şäheriniň» ýene bir görkezilişi bolar, emma bu gezek sahnada başga aktyorlar düzümi çykyş eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info