11-nji iýulda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Ilki bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Resminamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylandygy beýan edilýär. Dabara gatnaşyjylar bu habary uly şatlyk we buýsanç duýgusy bilen kabul etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi.
Şondan soň bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi. Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si, ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.
Diplomlara mynasyp bolan hem-de diplomlary ykrar edilen alymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.
