26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleridir ylmy işgärleri taryhy-medeni ýadygärliklerde giň gerimli ylmy gözlegleri, gazuw-agtaryş, rejeleýiş-dikeldiş işlerini alyp bardylar. Şonuň netijesinde, Watanymyzyň taryhyny we ata-babalarymyzyň durmuşyny şöhlelendirýän möhüm ähmiýetli gymmatlyklar toplandy. Şeýle işler Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän «Daýahatyn» kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky «Akjagala» kerwensaraýynda geçirildi. Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň geçiren bu işleriniň netijesinde, ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde ylmyň, medeniýetiň ösmegi bilen birlikde, hünärmentçilikde, söwda gatnaşyklarynda uly ösüşleriň gazanylandygyna, ata-babalarymyz tarapyndan durmuş üpjünçiliginiň kämil ulgamynyň döredilendigine, binagärligiň özboluşly milli mekdebiniň kemala getirilendigine şaýatlyk edýän anyk maglumatlar ýüze çykaryldy.
Muzeýlere gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda Gadymy Nusaý, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Garadepe, Paryzdepe ýaly dünýä belli ýadygärliklerden, Ahal welaýatynyň beýleki gadymy ilatly ýerlerinden dürli ýyllarda tapylan 300-den gowrak arheologik tapyndy, şol sanda at heýkeljigi, toýun gaplar, metal merdiwan, peýkam ujy, iş gurallary we beýlekiler bar.
Paryzdepeden tapylyp, ýurdumyzyň arheologlary tarapyndan rejelenen eneolit döwrüniň (daş-mis asyry) keramiki gaby uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi meşhur Änew medeniýetiniň gadymy ilatly ýeriň çäginde gülläp ösendigini subut edýär. Ýeri gelende bellesek, 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu ýerde eneolit döwründe gülläp ösen ekerançylyk medeniýetine degişli köp sanly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy.
Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Pulhatyn» köprüsi binagärlik ýadygärliginiň golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary ýüze çykaryp biler. Seljuklar döwründe sarahsly binagärler tarapyndan gurlan «Pulhatyn» köprüsi öz zamanynda möhüm söwda-ykdysady, harby-strategik ähmiýete eýe bolupdyr. Ol türkmen binagärleriniň desgalary gurmakda ýokary ussatlyga eýe bolandygyny görkezýän ajaýyp mysallaryň biridir. Çaklamalara görä, daşdan salnan, bäş sany sütünden ybarat köpri häzirki ýagdaýyna 1896-njy ýylda geçirilen abatlaýyş işlerinden soň eýe bolupdyr.
Nusaý gadymy Parfiýa döwletiniň esasy ýadygärlikleriniň biridir. Aşgabat şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän, öz döwrüniň medeniýeti barada gymmatly maglumatlary saklaýan bu gadymy gala syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Irki döwürlerde Parfiýa patyşalygy Gadymy Rim bilen ýakyn diplomatik, söwda we medeni gatnaşyklarda bolupdyr. Arheologlar tarapyndan Gadymy Nusaý galasyndan dürli döwürlerde tapylan tapyndylaryň hatarynda ajaýyp binagärlik bezegleri bar. Açyk asmanyň astyndaky bu ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi desganyň ýokary gymmatlyga eýediginiň we dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Parfiýa döwletiniň taryhy gadymy edebiýatlardan we golýazmalardan taryhçylara, medeniýeti, edebiýaty öwrenijilere giňden belli bolupdyr. Muňa garamazdan, M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda geçirilen ylmy gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaýyň desgalarynyň gaýtalanmajak gymmatlykdygyny dünýä äşgär etdi. Häzirki wagtda Nusaý gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi hökmünde Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk kataloglarynyň we ýolgörkezijileriniň ählisinde bardyr. Nusaýyň patyşa hazynasyndan bolan gymmatly ritonlar toplumy, mermer heýkeller, kümüş we daş önümler ýurdumyzdaky muzeýlerde mynasyp orun aldy. Bu ajaýyp gymmatlyklardyr ybadathanalar köp ýyllaryň dowamynda arheologlaryň, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, hatda syýasatçylaryň-da barha artýan gyzyklanmasyna eýe bolýar. Kuwwatly Parfiýa patyşalygyny döreden Ärsagyň neberesiniň esasy şa mukaddesligi hökmünde döredilen Gadymy Nusaý häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy syýahatçylyk ýerleriniň hataryna girýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýän ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralarynyň geçirilmegi döwürleriň arasyndaky berk arabaglanyşygyň, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyny aýawly saklamaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
