Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dowam edýär.
Onuň guramaçylykly geçmegine ýakyndan ýardam edýän meýletinçiler toparynyň düzüminde birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryň 300-den gowragy bellenilen ugurlar boýunça hereket edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Meýletinçiler halkara forumda daşary ýurtly myhmanlara ýolbeletlik, maglumat goldawy ýaly dürli ugurlar boýunça ýardam edýärler. Olar forumyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlary garşylamak, ýoldaşlyk etmek, logistiki meseleleri utgaşdyrmak, iş duşuşyklarynyň guramaçylykly derejede geçirilmegine ýardam bermek hem-de ugratmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny myhmanlara ýetirmekde hem işjeňlik görkezýärler.
Halkara forum 8-nji awgustda tamamlanar.

