«Lego» kompaniýasy meşhur «Habbl» kosmos teleskopyna bagyşlanan «Lego Icons Hubble Space Telescope» toplumyny yglan etdi. Konstruktor uly ýaşlylara niýetlenendir we özünde 1252 bölegi jemleýär. Taýýar modeliň obýektiw gapagynyň açyk ýagdaýyndaky ölçegleri: beýikligi 32 santimetrden gowrak, uzynlygy 38 santimetr, giňligi bolsa 38 santimetr.
Model Älemi öwrenmekde möhüm orun eýelän rowaýaty orbital obserwatoriýasynyň daşky görnüşini gaýtalaýar. Toplumda hereket edýän gün panelleri we antennalar, açylýan obýektiw gapak, şeýle hem içgin işlenen enjamlar bölümi bar.
Ulanyjylar gurluşyň içki böleklerini görmek üçin teleskopyň daşky panellerini aýryp bilerler. Olaryň arasynda giroskoplar, şeýle hem kosmos obýektlerine gözegçilik etmek üçin ulanylýan esasy we ikinji derejeli aýnalar bar.
Topluma taýýar modeli görkezmek üçin maglumat tablisasy bolan ýörite saklaýjy girýär. Şeýle-de, teleskopyň göwrümini göz öňüne getirmek üçin toplum kiçijik astronawt figurasy bilen dolduryldy. Konstruktory gurnamak üçin ädimme-ädim üç ölçegli (3D) görkezmeleri we işiň gidişine gözegçilik etmek mümkinçiligi bolan «Lego Builder» goşundysyny ulanyp bolýar.
«Habbl» teleskopynyň hatyrasyna çykarylan konstruktor toplumynyň bahasy 139,99 dollara deňdir. Ol 1-nji awgustda satuwa çykar.
«Habbl» teleskopy dünýäniň iň güýçli teleskoplarynyň biri hasaplanýar. Ýakynda ol birbada 500 müň ýyldyzy surata düşürdi.
