Ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda göreş: Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

MilliInfo

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary gizizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Täze kadalar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň 222-nji maddasy boýunça esasy üýtgetmeler:

  • Sürüjilik ruluny serhoş adama bermek: jerime 6-dan 10 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandyryldy.

  • Ulagy dolandyrmaga hukuk berýän resminamasyz ýagdaýda serhoşlykda awtoulagy sürmek: iň az jerime 7-den 12 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandy (iň ýokary çägi — 15 binýatlyk ululygy).

  • Gaýtalanan düzgüni bozmak (ulagy dolandyrmaga hukuk beriji resminamasyz): iň pes çäk 8-den 17 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandy.

  • Wezipeli şahslar üçin: serhoş sürüjiniň gatnawa goýberilendigi üçin jerime hem indi anyk kesgitlenildi — 5 binýatlyk ululygy (ozal 1–3 aralygyndady).

Serhoş ýagdaýda ulag dolandyrylandygy üçin sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum etmek möhletleri we administratiw tussaglyk çäreleri üýtgedilmedi.

Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň 228-nji maddasy boýunça jerimeler hem täzelendi. Esasy jerimeler:

  • Resminamalaryň ýanyňda bolmazlygy: sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ynanç haty ýok bolsa, jerime iki esse artýar (1 binýatlyk ululyga çenli).

  • Ulagy ynanç hatysyz dolandyrmak: 2–3 binýatlyk ululygy möçberinde jerime girizildi.

  • Sürüjilik şahadatnamasyz ulag sürmek: sürüjilik hukugy bolmadyk şahslar üçin jerime 5–8 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandy.

  • Ruly bermek: sürüjilik hukugy bolmadyk adama ulag dolandyrmaga rugsat berendigi üçin jerime 6 binýatlyk ululygynda bolar.

  • Maddanyň üsti täze bölüm bilen ýetirildi: möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy ýa-da wagtlaýyn rugsatnama bilen ulag dolandyrylan ýagdaýynda 3–5 binýatlyk ululygy möçberinde jerime bellenilýär.

Mundan başga-da, 1-nji maýdan başlap howpsuzlyk kemerini dakynmazlyk üçin 1 binýatlyk ululygy möçberinde jerime bellener.

1 binýatlyk ululygynyň 100 manada barabardygyny ýatladýarys.

Ýollarda seresap boluň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info