Türkmen ýygyndysy erkin göreş boýunça abraýly ýaryşda toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi

MilliInfo

Türkmen ýygyndysy 16-19-njy aprel aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşda diýseň şowly çykyş etdi.

Ýokary derejede çykyş eden ildeşlerimizi umumylykda 13 medal gazandylar. Şunuň bilen birlikde, medal hasaby boýunça14 döwletiň arasynda birinji orny eýeläp, ýurdumyzyň sportda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşdular. Jemi erkin we grek-rim göreşleri boýunça 4 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medallar gazanyldy.

Ýaryşa gatnaşan ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ýokary derejeli sporty ösdürmäge berýän uly ünsleri, şeýle-de halkara derejeli sport çärelerine gatnaşmaga döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info