Bötendagda taýýarlanan tohumlar çölleşmegiň we topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin peýdalanylýar

MilliInfo

15 sagat öň

Şu günler Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri çöl ösümlikleriniň tohumlaryny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Olar tarapyndan ýygnanan gara we ak sazaklaryň, çerkeziň, gandymyň, beýleki ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň tohumlary guradylanyndan soň, sebitiň çöllük ýerlerinde bu ekinleriň geljekki ekilişleri üçin ulanylar. Tohumlaryň bir bölegi Bötendag alaňynda taýýarlanylar.

Bu ýerde döredilen bufer tokaý zolagy welaýat tokaý hojalygynyň işgärleriniň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Onuň işgärleri bu ýerde çekilen suwaryş ulgamlarynyň düýbüni ýykgynlardan yzygiderli arassalaýarlar, zerur bolan abatlaýyş işlerini, dürli möwsümleýin çäreleri geçirýärler. Sarygamyş kölüniň Gündogar kenaryndaky uly tokaý massiwi tozanyň geçmegine kynçylyk döredýär, çölleşmegiň, topragyň şorlaşmagynyň we ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar, ekologiýa durnuklylygyna we daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär.

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen ýaşyl zolaklary döretmek boýunça maslahatlaryň esasynda, soňky ýyllarda bu ýerde müňlerçe gektar meýdanlarda şora çydamly we topragy berkleşdiriji ekinler ekildi. Belli bolşy ýaly, täze ýaşyl massiwiň ösümlik dünýäsi bilen Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň işgärler topary hem işjeň gyzyklanýar, olar Bötendag alaňynda ýetişdirilen saýaly agaçlaryň howany sazlamaga we ekologiýany gowulandyrmaga oňaýly täsirini seljerýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo