Moskwanyň «Nikita Mihalkowyň «12-nji» ussahana» teatrynda ilkinji gezek halkara kinofilm baýragy — «Göwher kebelek» gowşuryldy.
Bu ýerde dürli döwletleriň 34 kinofilmi görkezildi — şolaryň arasynda Gyrgyzystandan bäş, Eýrandan dört, Hytaýdan, Türkiýeden we Günorta Afrikadan üç, Türkmenistandan hem-de Serbiýadan bolsa iki film görkezildi. Her bir döwletiň milli kinematografiýasynyň aýratynlyklaryny we gazananlaryny şöhlelendirýän işlerini hödürländigini bellemek gerek.
Türkmenistan üçin esasy üstünlikleriň biri-de «Kompozitor» atly filmi üçin «iň gowy suratkeş» diýlip ykrar edilen Meýlis Hudaýberenowyň ýeňşi boldy. Bu netije türkmen kinematograflarynyň ussatçylyk derejesiniň ýokarydygyny hem-de Ýewraziýa medeni giňişliginiň ösüşine goşýan goşandynyň möhüm ornuny görkezýär.
Meýlis Hudaýberenow bahasy 250 müň amerikan dollaryna barabar bolan baýrak bilen sylaglanyldy. «Iň gowy film» derejesindäki baş baýrak we bahasy 1 million dollara barabar bolan sowgat bolsa režissýor Sýuý Çženyň «Akymyň garşysyna» atly hytaý filmine berildi.
Ýewrazýa kinematografik sungat akademiýasy kinematograflaryň özara goldawyny we hyzmatdaşlygyny berkitmek, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de Ýewraziýa halklarynyň milli däplerine we ruhy mirasyna hormat goýmak esasynda bitewi döredijilik giňişligini emele getirmek maksady bilen döredilen özbaşdak halkara guramasy bolup durýar.
Indiki baýrak gowşurylyş dabaralary nobatlaýyn görnüşde kino akademiýasyna agza bolan beýleki döwletlerde geçiriler. Şunda ýeňijileri halkara topar däl-de, çäräniň geçirilýän ýurdunyň milli eminleri kesgitlär.
