Şu gün, 10-njy aprelde NBA-da futbolyň «El-Klassikosy» bilen deňeçer hasaplanýan iň gyzykly duşuşyklaryň biri geçirildi. «Los-Anjeles Leýkers» we «Golden Steýt» toparlarynyň arasyndaky bäsleşikler, toparlaryň ýaryş tertibindäki ornuna garamazdan, elmydama çekeleşikli geçýär we janköýerleriň üns merkezinden ornuny tapýar.
Emma bu gezekki duşuşyk diňe bir oýnuň hili bilen däl, eýsem, basketbolçy Jeýmsler maşgalasynyň NBA-nyň taryhyna ýazan täze rekordy bilen hem ýatda galdy.
Oýnuň pursatlarynyň birinde «Leýkersiň» goragçysy Bronni Jeýms garşydaşyndan topy alyp, ony çalt hüjüme çykan rowaýaty hüjümçi Lebron Jeýmse geçirdi. Lebron bolsa bu hüjümi batly «dank» (topy ýokardan sebede oklamak) bilen tamamlady.
Bu netijeli pas NBA-nyň taryhynda oglundan kakasyna berlen ilkinji assist hökmünde hasaba alyndy. Mundan ozal, taryhda kakadan ogluna berlen ilkinji pasyň hem awtorlary Jeýmsler bolupdy.
Oýnuň netijeleri we statistika
«Golden Steýt» toparyna garşy geçirilen oýun «Leýkersiň» 119:103 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Lebron Jeýms oýunda 26 utuk toplap, 8 gezek topy almagy (podbor) we 11 netijeli geçirmäni amala aşyrdy. Bronni Jeýmsiň hasabynda bolsa 10 utuk, 1 topy almak we 3 netijeli geçirme bar.
Belläp geçsek, Lebron Jeýms basketbolyň taryhynda iň zehinli oýunçylarynyň biri hasaplanylýar. Ol 4 gezek NBA-nyň çempiony (2012, 2013, 2016, 2020) we 3 gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony (2008, 2012, 2024) bolmagy başardy.