Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýurduň giriş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara meýilleşdiriş, taýýarlyk we dessin çäreleri görmek işleriniň mehanizmlerini hem-de yzygiderliligini berkitmäge bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahat Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi we oňa milli mümkinçilikleri halkara standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşdy.
Maslahatda esasy üns giriş nokatlarynda, şol sanda howa menzillerinde, deňiz portlarynda we gury ýer geçiriş nokatlarynda adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket etmegiň milli ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekdäki öňegidişliklere berildi. Gatnaşyjylar dessin taýýarlygy ýokarlandyrmagyň we saglyk babatdaky serhetüsti wehimleriň öňüni almak hem-de olara garşy hereket etmek üçin ählumumy talaplary belleýän Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleriniň (HLSD) berjaý edilmegini üpjün etmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre gatnaşyjylaryň arasynda tehniki geňeşmeleri geçirmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi. Ara alyp maslahatlaşmalar utgaşdyrmany gowulandyrmaga, gözegçilik we dessin çäreleri görmek mehanizmlerini berkitmäge, şeýle hem jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara garşy netijeli hereket etmek üçin bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamaga gönükdirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň serhetlerde saglyk töwekgelçiliklerini dolandyrmaga we ilatynyň saglygyny goramaga taýýarlygyny üpjün edýän toplumlaýyn çemeleşmeleriniň ähmiýeti nygtaldy.
BSGG Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň we olara garşy hereket etmegiň durnukly ulgamlaryny döretmekdäki tagallalaryny goldamaga ygrarlydygyny tassyklady we ýurduň giriş nokatlarynyň keselleriň halkara derejesinde ýaýramagynyň öňüni almakda hem-de ilaty goramakda aýgytly orun eýeleýändigini aýratyn belledi.