Dünýäde ýekeje nusga: «Bugatti» özboluşly «Brouillard» giperkaryny tanyşdyrdy

MilliInfo

13 Awgust, 2025

«Bugatti» adaty awtoulag hökmünde görkezip bolmajak «Brouillard» giperkaryny tanyşdyrdy. Bu ulagy dört tigirli sungat eseri hasaplasa bolar.

Dünýäde ýekeje nusga öndürilen model diňe dizaýny bilen däl, eýsem, tehniki häsiýetnamasy bilen hem ünsüňi çekýär.

«Brouillard» üçin binýat hökmünde köplenç ýaryş awtoulaglarynda ulanylýan uglerod (karbon) şassisi bilen birlikde, alýumin böleklerinden ybarat gurluş kabul edildi. Onuň kapotynyň astynda bolsa «Chiron» modelinden belli bolan, dört turbinaly, sekiz litrlik W16 hereketlendirijisi ýerleşdirildi. Bu hereketlendiriji diýseň täsin bolup, 1600 at güýjüne barabar bolan kuwwaty döredýär.

Giperkaryň daşky görnüşi haýran galdyryjy: giň radiator gözenekleri bolan relýefli bamperi we howa işleýji kanallary bilen enjamlaşdyrylan LED çyralary agressiw görnüş emele getirýär. C şekilli kesimler we iri göwrümli uglerod (karbon) bölekler bilen açyk ýaşyl reňkli gabaranyň arasynda tapawutlandyryjy şekiller ornaşdyrylypdyr. Ulagyň arka böleginde bolsa «W16 Mistral» modelini ýada salýan integrirlenen spoýler we X şekilli yşyklandyryjylar ýerleşýär.

Ulagyň salony hem hiç kimi biparh goýmaýar: «Chiron» modeliniň gurluşy saklanyp galan bolsa-da, onuň ýaşyl öwüşginli özboluşly bezegi haýran galdyrýar. Aýratyn üns çekýän aýratynlygy bolsa ulagyň Parižde ýörite taýýarlanan mata bilen örtülen öýjükli oturgyçlardyr.

Uglerodyň we alýuminiň agdyklyk etmegi ulagyň ýokary tehnologik aýratynlyklaryny tassyklaýar, onuň salonynyň esasy aýratynlygy bolsa geçiriş gutusynyň selektorlaryna ýerleşdirilen Bruýýar atynyň heýkeline öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo