Buharadaky üstünlik: türkmen talyplary halkara matematika we himiýa olimpiadalarynyň 45 medalyna eýe boldular

MilliInfo

29 Ýanwar, 2026

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde tamamlanan halkara matematika we himiýa olimpiadalary türkmen ýaşlarynyň ajaýyp üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bu olimpiadalaryň medallarynyň 45-sini (16 altyn, 17 kümüş hem-de 12 bürünç medallar) gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Şeýlelikde, himiýa dersinden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaşlary 4 altyn, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary 1 altyn, 3 bürünç, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bilim alýan zehinli ýaşlar 1 altyn, 3 bürünç medallara eýe boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaşlary bu netijäniň üstüni 1 altyn, 2 bürünç, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1 kümüş, 2 bürünç medallar bilen ýetirseler, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary 2 bürünç, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş zehinleri 2 bürünç medallara mynasyp boldular.

Matematika olimpiadasyndan hem diýseň ajaýyp netijelere gazanyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 3 altyn, 1 kümüş, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 1 altyn, 2 kümüş, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 4 altyn, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2 kümüş, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 1 altyn, 1 kümüş, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2 kümüş medal gazandy. Mundan başga-da, Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 1 kümüş, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň zehinleri 1 kümüş, 1 bürünç, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1 altyn 1 kümüş, Ulag kommunikasiýalary we informatika institutynyň ýaşlary 2 kümüş, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary 1 kümüş medallar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleriniň halkara olimpiadalardaky baýrak gaznasyny baýlaşdyrdylar.

Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralan abraýly intellektual bäsleşikde gazanylan ajaýyp netijeler Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň miwesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info