Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharest şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörişini geçirdi.
Çäre Buharest şäher häkimliginiň hem-de «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy. Welosiped ýörişe Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň raýatlary we talyplar gatnaşdylar.
Welosipedli ýörişiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny ilerletmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde sport diplomatiýasynyň möhüm ornuny belledi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda kabul edilen Kararnama laýyklykda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti aýratyn tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Welosiped ýörişine gatnaşyjylar halkara dialogy berkitmäge, medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ekologiýa, ynsanperwerlik we sport başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler.