27-nji iýun — 5-nji iýul aralygynda Tailand Patyşalygynyň Pattaýýa şäherinde geçirilen 15 hem 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky erkin we grek-rim göreşleri boýunça Aziýa çempionaty türkmen pälwanlaryna uly üstünlik getirdi. Zehinli ýaş pälwanlarymyz ajaýyp netijeleri bilen Watanymyza şan getirmegiň hötdesinden geldiler.
Şunlukda, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 92 kilogram agramda göreş düşekçesine çykan Döwletgeldi Myradow erkin göreşden altyn medal gazandy. Şol ýaş derejesinde 86 kilogramda göreşen Alp Arslan Begenjow erkin göreşden, 130 kilogramda tutluşan Arslan Agadadaýew bolsa grek-rim göreşinden kümüş medallara eýe çykdylar.
15 ýaşa çenli ýaşlardan bolsa 38 kilogram agram derejesinde bagtyny synan Ybraýym Durdyýew erkin göreşden hormat münberiniň ikinji basgançagyna çyksa, 68 kilogram agramda bäsleşen Mämmet Kuliýew grek-rim göreşinden öňdäki üçlügi jemledi.
Biz ýaş pälwanlarymyzy abraýly ýaryşda gazanylan ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
