20 — 25-nji oktýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasyndan (ÝSE/BSGG) maslahat beriş-tehniki topary Aşgabat şäherinde iş saparynda boldy. BSGG-niň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tehniki goldaw bermäge hem-de milli maksatlaryň ýerine ýetirilişinde gazanylan ösüşi seljermäge uly ähmiýet berdiler.
Iş topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şol sanda ministriň orunbasarlary we bölümleriň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Toparyň agzalary ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm edaralaryna baryp gördüler.
23-nji oktýabrda Milli iş toparynyň maslahaty guralyp, bu ýerde Türkmenistanda B gepatitiniň we sifiliniň «goşa elminasiýasyny» tassyklamak üçin Ýol kartasy we Hereketleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. BSGG-niň wekilleriniň Aşgabat şäherine sapary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de guramanyň Türkmenistan boýunça edarasynda geçirilen jemleýji maslahat bilen tamamlandy.

