Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 6 — 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikaçylar olimpiadasy — 2025» atly ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň fizika dersi boýunça bäsleşiginde 6 medala (2 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç), şonuň ýaly-da, Baş baýraga mynasyp boldular. Bäsleşige Türkmenistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Bangladeşden, Boliwiýadan, Wenesueladan, Wýetnamdan, Gwatemaladan, Italiýadan, Indoneziýadan, Hindistandan, Filippinlerden, Malaýziýadan, Meksikadan, Pakistandan, Rumyniýadan, Sloweniýadan we Türkiýe Respublikasyndan talyplar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, Baş baýraga, şol hünäriň talyby Kerim Çerkezow altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew hem-de Mähriban Kakamyradowa kümüş medallara, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Aýşat Saparowa we Arslan Jumaýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädowyň ýolbaşçylygyndaky talyplaryň gazanan ajaýyp üstünligi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly sowgat boldy.

