Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň talyplary Russiýa Federasiýasy tarapyndan guralan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara bäsleşikde uly üstünlik gazandylar.
Sanly ulgamyň inženerleri kemala gelýär
Bäsleşik jemi üç dereje boýunça geçirilip, türkmen talyplary «Кибердром. Студент» ugry boýunça bäsleşdiler. Umumylykda 4278 gatnaşyjynyň arasyndan saýlanan 57 topar alty döwletiň (Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan) adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň programmistleri, inženerleri we tehnikleri özünde jemleýän topary 8 wekilden başga-da, bir guramaçydan we bir tälimçiden ybaratdyr.
Okuw we synag tapgyrlaryndan şowly geçen talyplar, kiberfiziki gurluşlary simulýatorda dolandyrmak we olary elde gurnamak boýunça çylşyrymly şertleri ýerine ýetirdiler. Esasan hem, uçýan kiberfiziki gurluşlary «akro» tertibinde, ýagny, ýokary derejeli akrobatiki öwrümler bilen dolandyrmakda talyplar uly ussatlyk görkezdiler.
Ýarym final we simulýator üstünligi
Çärýek final tapgyrynda, 50-100 mbit/s tizlikli internet arkaly aralykdan dolandyrylýan ýerdäki we howadaky kiberfiziki gurluşlar bilen bäsleşilip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň topary bu ugurda 4-nji orna mynasyp boldy.
Goşmaça geçirilen «Сборка.СИМ» (Сборка средства индивидуальной мобильности) tapgyrynda bolsa türkmen talyplary rekord netije görkezdiler. Olar 35 sany bölekden ybarat bolan uçýan kiberfiziki gurluşy 10 minudyň dowamynda dolulygyna ýygnap, 97,3 ortaça ball bilen birinji orny eýelediler. Bu tapgyrda dört sany talybyň ýalňyşsyz 100 ball almagy toparyň umumy reýtingini has-da ýokary göterdi.
Ýarym final synaglary we «Python» programmirlemesi
Grand finalyň öňýanyndaky tapgyrda talyplardan «Python» programmirleme dilini ulanmak arkaly 4 sany uçýan we 2 sany ýerde hereket edýän kiberfiziki gurluşy awtomatiki ýagdaýda dolandyrýan programmanyň algoritmini düzmek talap edildi. Göni ýaýlymda 4 sagadyň dowamynda ýazylan bu programma üpjünçiligi arkaly kiberfiziki gurluşlar 16 sany ýüki bellenen nokatlara awtomatiki usulda daşamagy başardy. Gazanylan bu ajaýyp üstünlikleriň netijesinde, guramaçy tarap bolan Russiýa Federasiýasy türkmen toparynyň ähli çykdajylaryny dolulygyna öz üstüne alyp, olary Moskwada geçiriljek Grand Final tapgyryna resmi taýdan çagyrdy.
Grand Final: Russiýa Federasiýasyndaky uly ýeňiş
Bäsleşigiň iň gyzgalaňly we soňky tapgyry bolan Grand Final 2026-njy ýylyň 11—16-njy maýy aralygynda geçirildi. 57 ýokary okuw mekdebiniň arasyndan saýlanyp, finala çenli ýeten sekiz güýçli toparyň arasynda türkmen talyplary aşakdaky netijeler bilen tapawutlandylar:
Simulýator ýaryşy: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň «Elektronika we nanoelektronika» taýýarlygy ugrunyň III ýyl talyby, topar ýolbaşçysy Kerim Nazarow 64 gatnaşyjynyň arasynda 1 minut 26 sekunt netije bilen birinji orny eýeledi.
Toparlaýyn netije: Iki günlük ýaryşlaryň ikinji günündäki dört ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz Wings» topary umumy hasapda ikinji orna mynasyp boldy.
Aýratyn ugur: «Кибердоставка» (berlen ýükleri bellenen aralyga iň gysga wagtda daşamak) we «Гонка БЭК-ов» (ekipažsyz kiberfiziki gurluşlaryň ýaryşy) tapgyrlaryndaky görkezen ýokary tizligi we çeýeligi üçin topar «Мультироторный маневр» ( «köp rotorly kiberfiziki gurluşlary iň çeýe, iň çalt we iň dogry dolandyran topar») kubogy we hormat haty bilen sylaglandy.
Şeýle-de, inženerçilik taslamalarynyň çäklerinde talyplar suwda we gury ýerde hereket edýän ekipažsyz kiberfiziki ulgamlaryny (БЭК) üstünlikli konstruktirlemegi başardylar.
Bu halkara üstünlik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam we kiberfiziki ulgamlar ugurlary boýunça berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.